Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli

ABŞ-nyň Ýokary sudy Tramp administrasiýasynyň 2018-nji ýylda syýahat gadagançylygyny güýje girizmek baradaky gyssagly haýyşynyň käbir bölümlerini kabul edensoň, halkara ýolagçylar Waşington Dulles halkara howa menziline barýar. (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 4-nji iýunda gol çeken täze kararyna görä, Türkmenistany öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna myhman ýa-da student wizasy berilmez, ýöne iş maksatly ýa-da amerikan garyndaşlary bilen duşuşmak üçin wiza almak mümkinçiligi saklanar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12 ýurduň raýatlary üçin ABŞ-a girmegi gadagan edýän ýerine ýetiriji buýruga gol çekdi we ýene ýedi ýurduň ýaşaýjylaryna çäklendirmeler girizdi.

ABŞ-nyň prezidenti ornaşdyrýan proklamasiýasyna gol çekmegi ýurdy “daşary ýurtly terrorçylardan goramak” maksady we howpsuzlyk wehimleri bilen düşündirdi.

"ABŞ-nyň daşary syýasaty, milli howpsuzlyk we terrorçylyga garşy maksatlary göz öňünde tutulandan soň, aşakdaky 12 ýurduň raýatlarynyň: Owganystan, Mýanma, Çad, Kongo Respublikasy, Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Gaiti, Eýran, Liwiýa, Somali, Sudan we Ýemen ýaly ýurtlaryň raýatlarynyň girmegini düýbünden gadagan etmek we çäklendirmek kararyna geldim" diýip, Tramp resmi habarda sitirlenýär.

Degişli maglumat ABŞ: Musulman ilatly alty ýurduň raýatlary üçin wiza çäklendirmesi güýje girdi

Bu karar ABŞ-a göçüp gitmek prosesiniň arasynda dokumentleriniň taýýarlanmagyna garaşýan raýatlar üçin töwekgeçilikli ýagdaý döretdi.

Häzirki wagtda Pakistanda bosgun bolup, ABŞ-a immigrasiýa etmek mümknçiligine garaşýan owgan aýal-gyz hukuklarynyň aktiwisti Fatima Naimi Azatlyk Radiosynyň owgan gullugyna şeýle diýdi: "ABŞ hökümetiniň täze buýrugy diýseň täsirli. Ol belli sebäplere görä ýurtlaryndan gaçyp giden owgan raýatlarynyň umytlaryny puja çykarýar. Karar basym ýatyrylar diýip umyt edýärin".

Tramp sosial mediada eden çykyşynda “biz ýurdumyza ýamanlyk isleýän adamlaryň girmegine rugsat bermeris” diýip belledi, emma sanawa täzeden garalyp bilinjekdigini, şeýle-de oňa başga ýurtlary hem goşmak ähtimallygynyň saklanyp galýandygyny aýtdy.

2017-nji ýylda ilkinji prezidentlik döwründe Donald Tramp birnäçe ýurduň raýatlaryna: Kuba, Çad, Eýran, Liwiýa, Demirgazyk Koreýa, Somali, Sudan, Siriýa, Wenesuela we Ýemene ýaly ýurtlaryň raýatlaryna ABŞ-a girmek gadaganlygyny girizdi. Bu çäre Jo Baýdeniň prezidentlik döwründe ýatyrylypdy. Demirgazyk Koreýa we Siriýa Trampyň täze kararyna görä düzülen doly ýa-da bölekleýin gadagançylyk sanawlaryna girizilmedi.

Raýatlaryna ABŞ-a barmak bölekleýin çäklendirilen ýedi ýurduň sanawyna Türkmenistan bilen birlikde Burundi, Kuba, Laos, Sierra Leone, Togo, we Wenesuela girýär.

Bu ýurtlardan bolan raýatlaryň Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelip bilmejekdigi nygtalýar. Bellesek, bu gadagançylyk sanawyna Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan diňe Türkmenistan goşuldy.

ABŞ-a girmegi gadagan edýän we çäklendirýän ýerine ýetiriji buýruk 9-njy iýunda güýje girer. Resmi maglumata görä, mundan öň berlen wizalar ýatyrylmaz.

Şeýle-de, Ak Tamyň resmi habaryna görä, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda B-1/B-2, ýagny syýahatçylyk we iş wizasy boýunça ABŞ-da artykmaç möhletde galanlaryň sany 15,35%, "F", "M" we "J" ýagny bilim we ylym bilen bagly wizalar boýunça möhletinden artykmaç galanlaryň sany 21,74% bolupdyr.

Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň wiza meseleleri boýunça hünärmeni bilen söhbetdeş bolanda, anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bilermen soňky çäklendirmeler migrasiýa maksatly wizalara täsir ýetirmez diýip, çaklaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda ABŞ-a barmaga islegler soňky ýyllarda esli artdy. Şeýle-de, ABŞ-da hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny almaga mümkinçilik berýän we bije görnüşinde çekilýän "Green cart" almaga islegler hem ýokarlandy.

Birleşen Ştatlar öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has köp türkmen raýatyna öz çäginde hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny hödürläp başlady. Bu ugurda bar bolan statistiki sanlara görä, 2016-njy we 2023-nji ýyllaryň aralygynda "Green card" almak mümkinçiligine eýe bolan türkmenistanlylaryň sany 14 esse töweregi ýokarlanypdyr.

2025-nji ýylyň maý aýynda yglan edilen bijeleriň netijelerine görä, şu ýyl 2 müň çemesi türkmenistanly "Green card" utupdyr.

Degişli maglumat ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar

ABŞ tarapyndan tutuş Merkezi Aziýa sebitine 15 müň çemesi ýaşyl kart bölünip berlipdir. Özbegistan 5 müň 564, Gyrgyzystan 3 müň 95, Täjigistan 2 müň 982, Türkmenistan 2 müň 10 we Gazagystan 2 müň dört sany kart utupdyr.

Donald Trampyň 4-nji iýunda girizen täze çäklendirmeleriniň Birleşen Ştatlarda kanuny esasda hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almaga mümkinçilik berýän "Green Card" bijeleriniň soňky ýeňijilerine nähili täsir ýetirjekdigi doly anyk däl.

Trampyň administrasiýasynyň ençeme ýurt boýunça wiza gadagançylygyny we çäklendirmeleri girizmek planlary barada mart aýynda habar berlipdi. Şonda Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri türkmenistanlylaryň bu meselä üns bilen syn edilýändigini, hususan-da, ABŞ-da emlägi bolan türkmen raýatlarynyň Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýandygy habar beripdi.

“Trampyň bu karary adaty türkmenistanlylara kän bir täsir etmez. Biziň halkymyz köplenç türk ýa-da slawýan dilli ýurtlara syýahata gitmegi, şol ýerlerden iş gözlemegi ýa-da okuw okamagy saýlap alýarlar. Ýöne hökümet emeldarlary, pully adamlar, biznesmenler syýahat çäklendirmelerinden zyýan çekerler” diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmenistanly çeşmesi aýtdy.

Birleşen Ştatlarda gozgalmaýan emlägi bolan türkmen raýatlarynyň, ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň sany barada anyk maglumat ýok.

Ýöne, mundan ozal, Azatlyk Radiosy turkmen.news neşiriniň derňew maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Meret Orazowyň bu ýurtda bahasy millionlarça dollara barabar bolan gozgalmaýan emläge eýe bolandygyny habar berdi.

Şeýle-de, mart aýynda iki müň türkmenistanlynyň Birleşen Ştatlarda gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýandygy habar berlipdi. Bu san ABŞ-da gaçybatalga ýüz tutmalary boýunça kazyýet diňlenişiklerine esewan edýän Transaksiýa ýazgylarynyň seljeriş merkeziniň (TRAC) maglumatynda görkezilipdi.

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan we göçüp barýan türkmenistanlylaryň sanynyň köpelmegini sosial ulgamlardaky maglumatlar hem görkezýär. ABŞ-da türkmen diasporalary barada maglumatlar köpelýär.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň ilatynyň ýurtdaky ykdysady çökgünlilik we häkimiýetleriň gysyşy sebäpli daşary ýurtlara migrasiýasynyň akymynyň güýçlenen döwrüne gabat gelýär.

Ýurtdaky problemalary we ilatyň migrasiýasynyň ýaýbaňlanýandygyny ykrar etmeýän türkmen hökümeti raýatlaryň ýurtdan çykmagyny kynlaşdyrýar we resmi bolmadyk dürli çäklendirmeleri girizýär. Şol sanda daşary ýurtlarda işlemäge we bilim almaga barýan raýatlar sebäbi düşündirilmezden uçardan düşürilýär. Şeýle-de, ABŞ-nyň hödürleýän 'Green Card' bijesini utan türkmenistanlylar MHM tarapyndan soraga çekilýär.

Degişli maglumat Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.