Russiýa Kiýewe raketalar we dronlar bilen güýçli zarba urdy; azyndan 4 adam, şol sanda ýangyn söndürijiler öldi

6-njy iýunda Russiýanyň Kiýewe uran zarbasynyň netijesinde dörän partlama

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 6-njy iýunda ýurduň birnäçe sebitine garşy amala aşyrylan Russiýanyň giň gerimli hüjümini berk ýazgardy.

“Russiýa öz häsiýetini üýtgetmeýär: şäherlere we gündelik ýaşaýşa garşy edilen ýene bir giň gerimli zarba” diýip Zelenski aýtdy. Ol bu hüjümde 400-den gowrak dronuň we 40 töweregi raketanyň, şol sanda ballistik raketalaryň ulanylandygyny aýtdy.

Zelenskiniň sözlerine görä, hüjümde 49 adam ýaralandy, ýöne olaryň sanynyň artmagy mümkin. Ukrainanyň Döwlet Adatdan daşary ýagdaý gullugynyň Telegramda beren maglumatyna görä, azyndan dört adam, şol sanda hüjüm wagty ýerli ýaşaýjylara hemaýat beren üç ýangyn söndüriji, ýagny Pawlo Ýežor, Danylo Skadin we Andriý Remenniý heläk boldy.

Zelenski halkara jemgyýetçiligini, esasanam ABŞ bilen Ýewropany, has aýgytly çäreleri görmäge çagyrdy.

“Kimde-kim basyş etmän, uruşda adamlaryň öldürilmegine wagt mümkinçiligini berýän bolsa, bu şäriklik bolýandyr” diýip, ol nygtady. “Biz aýgytly hereket etmeli.”

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçkonyň 6-njy iýunda irden beren maglumatyna görä, gijeki raketa we dron zarbasy netijesinde dört adam öldi, azyndan 20 adam ýaralandy.

“Paýtagtda dört adamyň ölümi tassyklandy. Birnäçe ýerde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär” diýip Kliçko Telegramda ýazdy.

Birnäçe sagatlap dowam eden güýçli hüjümiň dowamynda ganatly raketalar we kamikadze-dronlary ulanyldy.

Kiýew şäheriniň harby administrasiýasynyň başlygy Tymur Tkaçenko şäheriň gündogar böleginde ýerleşýän köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ýokarky gatlaryna dronlaryň degendigini we ýangynyň ýüze çykandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň berýän maglumatyna görä, şähere dronlar we “Kalibr” kysymly ganatly raketalar bilen zarba urlupdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 4-nji iýunda eden çykyşynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň rus harby aerodromlaryna garşy eden garaşylmadyk dron hüjümine jogap berjekdigini özüne duýdurandygyny aýdypdy. Bu hüjüm netijesinde Russiýanyň onlarça uzak aralyga uçýan bombalaýjy uçaryna zeper ýetipdi.