Ukraina bilen Russiýa 25-nji maýda nobatdaky ýesir alyş-çalşygyny geçirdiler. Bu gezek çalşyk “303-303” görnüşinde amala aşyryldy. Bu barada Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Russiýanyň Goranmak ministrligi habar berdiler.
Ýekşenbe güni geçirilen çalşyk, Ukrainanyň we Russiýanyň wekiliýetleriniň 16-njy maýda Stambulda geçiren gepleşiklerinde gazanylan, harby we raýat ýesirlerini tapgyrlaýyn çalyşmak baradaky “müňe-müň” formulasyna laýyklykda ýerine ýetirilen ylalaşygyň jemleýji tapgyry boldy. Bu gepleşikler soňky üç ýylda taraplaryň arasynda geçirilen ilkinji göni gepleşikler boldy.
Öňki iki tapgyrly ýesir alyş-çalşygy 23-nji we 24-nji maýda geçirildi.
Bu çäreler Russiýanyň her gün Ukraina garşy ballistiki we ganatly raketalar, şeýle-de dronlar bilen hüjüm etmeginiň arasynda geçirildi.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky öňki uly ýesir çalşyklary, Birleşen Arap Emirlikleriniň araçylyk etmeginde, 19-njy aprelde (246-246) we 6-njy maýda (205-205) amala aşyrylypdy.