Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reuters: Trampa Moskwa garşy täze sanksiýalary gijikdirmezlik barada çagyryş edilýär


ABŞ-nyň prezienti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezienti Donald Tramp

ABŞ-nyň Kongresindäki käbir respublikançylar we Ak Tamdaky geňeşçiler prezident Donald Trampa Moskwa garşy täze sanksiýalary tassyklamagy gijikdirmän, olary kabul etmegi maslahat berýärler diýip, Reuters agentligi 29-njy maýda habar berdi.

Maglumata görä, Tramp birnäçe aý bäri şeýle çäklendirmeleri yza süýşürip gelipdir. Ol muňa Ukrainadaky urşy bes etmek üçin, rus prezidenti Wladimir Putin bilen konstruktiw gatnaşyklary ýola goýup biljekdigi nukdaýnazaryndan çemeleşipdir. Şeýle hem Trampyň sanksiýalary aglaba ýagdaýda netijesiz we artykmaç çäreler hökmünde görýändigi aýdylýar.

Trampyň administrasiýasyndaky resmiler ABŞ-nyň prezidentiniň henizem Russiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine umyt baglaýandygyny, sanksiýalara hem Moskwa bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrjak we ok atyşygy bes etmek boýunça tagallalara howp saljak faktor hökmünde garaýandygyny belleýärler.

Muňa garamazdan, Trampyň geňeşçileriniň aýtmagyna görä, onuň Putine bolan lapykeçligi barha güýçlenýär we çynlakaý häsiýete eýe bolýar. Soňky günlerde Russiýanyň Ukraina garşy hüjümlerini artdyrmagy sebäpli, Trampyň sanksiýalary girizmek mümkinçiliklerine has çynlakaý seredip başlandygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG