Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy


Özbegistan Merkezi Aziýadan futbol boýunça dünýä çempionatyna çykmagy başaran ilkinji ýurt boldy.
Özbegistan Merkezi Aziýadan futbol boýunça dünýä çempionatyna çykmagy başaran ilkinji ýurt boldy.

Özbegistanyň milli futbol ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandy.

Saýlap alyş tapgyrynyň çägindäki toparlaýyn oýunlarynyň soňkusynyň öň ýanyndaky geçirilen duşuşykda özbek futbolçylary myhmançylykda Birleşen Arap Emirlikleriniň topary bilen deňme-deň oýnadylar. Munuň özi dünýä çempionatyna çykmak üçin ýeterlik boldy.

Şeýlelikde, toparynda Eýrandan soň ikinji orny eýeleýän Özbegistan, Merkezi Aziýadan dünýä çempionatyna çykmagy başaran ilkinji ýurt boldy.

Saýlap alyş tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň ýene bir duşuşygy galdy. 10-njy iýunda özbek futbolçylary Daşkentde Katar bilen duşuşar. Ýöne özbegistanlylar üçin bu duşuşyk indi diňe simwoliki ähmiýete eýe, olar 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna eýýäm çykdylar.

Bellesek, 2026-njy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek çempionata Aziýa (AFK) sebitinden 8 topar gatnaşar.

XS
SM
MD
LG