Ukrainanyň paýtagty Kiýew tapgyr üçünji gije Russiýanyň dronlarynyň giň gerimli hüjümine sezewar boldy. Şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Timur Tkaçenkonyň maglumatyna görä, howa howpy bilen bagly duýduryş signallary alty sagat dowam etdi.
Hüjümiň netijesinde Dneprowskiý etrabynda birnäçe desga, şol sanda ýaşaýyş jaýy zyýan çekdi. Hadysada ýaralanan ýa heläk bolan adamlar bolmady.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatyna görä, Odessa oblastynda dron hüjümleri netijesinde birnäçe ýangyn ýüze çykdy. Hususy jaýlara, awtoulaglara we gaz geçirijilere zeper ýetdi. Maglumata görä, bu ýerde hem adam ýitgisi bolmady.
Zaporižýe oblastynda Russiýanyň güýçleri Ýurkowka obasyna hüjüm etdiler. Oba häkimi Iwan Fedorowyň aýtmagyna görä, bir hususy jaýa zarba urlupdyr, partlamanyň tolkuny bilen ýanaşyk öýlere we awtoulaglara hem zyýan ýetipdir. Netijede 60 ýaşly bir aýal we 52 ýaşly bir erkek adam ýaralandy.