Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan geçen aýyň başynda Türkmenistandan Türkiýä gazyň gelip gowşandygyny mälim etdi.
“1-nji aprelde soňky 27 ýylyň içinde ilkinji gezek Türkmenistandan gaz Türkiýä geldi” diýip, Erdoganyň habarçylara mälim edendigi barada, 29-njy maýda Russiýanyň TASS gullugy habar berdi.
Türkiýäniň lideri gelip gowşan türkmen gazynyň mukdary, şeýle-de onuň satyn alyş bahasy barada maglumat bermedi.
Fewralyň başynda iki ýurt Türkiýäni türkmen gazy bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. 1-nji martda güýje giren şertnama esasynda şu ýyl Eýranyň üsti bilen Türkiýä 1.3 milliard metr3 türkmen gazynyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Mundan öň, Türkiýäniň türkmen gazy boýunça ylalaşygyny ýene 5 ýyllyk uzaltmak isleýändigi barada habarlar çykypdy. Emma bu maglumaty türkmen tarapy häzire çenli ne tassyklady, ne-de inkär etdi.