Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazanda türkmenistanyň iki raýatynyň bir gyzy toparlanyşyp jynsy taýdan zorluk edendigi baradaky aýyplamalar bilen gozgalan jenaýat işine, Russiýanyň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin ünsi çekdi.
Ol Tatarystanyň Derňew komitetiniň ýolbaşçysy Witaliý Lipskiden derňewiň gidişi we anyklanan ähli ýagdaýlar barada şahsy hasabat bermegini talap etdi. Bu barada 28-nji maýda “Weçernýa Kazan” neşiri habar berdi.
Derňew maglumatlaryna görä, Kazanyň kwartiralarynyň birinde 20 ýaşyndaky bir gyz Türkmenistandan gelen iki sany şahs bilen bilelikde spirtli içgi içipdir. Haçanda ol adamlar gyza el gatjak bolanda, ol gyz jynsy gatnaşykdan ýüz öwüripdir. Bu erkek adamlar mundan soň gyza hüjüm edip, jynsy taýdan zorlamakda güman edilýär. Olaryň şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmaýar.
Güman edilýänleriň biri öň Kazan uniwersitetinde okapdyr, ýöne şu ýylyň ýanwarynda okuwdan çykarylypdyr. Ikinjisi bolsa respublika syýahatçy hökmünde gelip, onuň hemişelik iş ýeri ýok.
Olaryň ikisi hem saklandy we wagtlaýyn tussaglykda saklanýar.
Derňew işleri dowam edýär.